- pasyl
- 1) Ýylyň gyş, ýaz, tomus we güýz möwsümleriniň birini öz içine alýan üç aýdan ybarat bolan wagt, döwür.∙ Çary, ýyl näme üçin dört pasla bölünýär? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)∙ Bulutlary sürüp gelýän sergin şemal tomus paslynyň gutaranlygyna şatlyk edýärdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)2) Belli bir wagt aralygyny öz içine alýan döwür, salym, mütdet.∙ Bagşy bir pasyl saz çalyp oturdy.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar çekimlisi kadadan çykma hökmünde düşürilip ýazylýar.Meselem pasyl - pasly.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.